07.01.2023
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasy - $381) we granulirlenen kükürt (her tonnasy $76) anna güni, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň esasy özeni boldy.
Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri «Türkmengaz»döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazyň 33 müň tonnasyny $12,5 mln satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.
Türkiýäniň ýene-de bir wekili «Türkmengaz» döwlet konserni bilen granulirlenen tehniki kükürdiň 100 müň tonnasyny jemi $7,6 mln satmak barada geleşik baglaşdy.
Jemi TDHÇB-da umumy bahasy $20,1 mln bolan 10 geleşik baglaşyldy.