11.01.2023
Az kükürtli ýangyç mazudy (her tonnasy - $398,50) we jemleýji nebit koksy (her tonnasy -11,2 müň manat) sişenbe güni, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşyndauly islege eýe boldy.
Wirgin adalaryna we Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik edýän alyjylar Türkmenbaşydaky NGI zawodlar toplumy bilen az kükürtli ýangyç mazudynyň 30 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleribaglaşdylar. Geleşikleriň umumy bahasy $11,9 mln. deň boldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçi “Türkmennebit” konserni bilen 1 müň tonna jemleýji nebit koksuny satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy möçberi – 11,2 mln TMT boldy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 geleşik baglaşyldy.