19.01.2023
Orta reňklerdäki dürli ölçegli boýalan tüýjümek önümler (kilogramynyň bahasy –$5,50) sişenbe güni,17-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda uly islege eýe boldy.
Azerbaýjandan gelen telekeçi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen 55 müň kg önümi satyn almak barada geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy $302,5 müňe deň boldy.