27.01.2023
Aşgarlanmadyk kardan nah ýüplügi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň barşynda penşenbe güni, 26-njy ýanwarda uly islege eýe boldy.
Gyrgyzystandan gelen işewür Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen önümiň 71,5 müň kilogramyny $189,4 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy. Öz gezeginde Hindistandan gelen telekeçi söwdalaşyklaryň barşynda Dokma senagaty ministrligi bilen 38,5 müň kg nah ýüplügini 1,6 mln manada satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi iki geleşik baglaşyldy.