01.03.2023
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasynyň bahasy - $496) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda sişenbe güni, 28-nji fewralda bolan söwdalaşyklaryň barşynda geleşikleriň esasy boldy.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazyň jemi 3 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $1,4 mln-dan geçdi.