02.03.2023
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasynyň bahasy - $500) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda çarşenbe güni, 1-nji martda söwdalaşyklaryň esasy boldy.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazyň 500 tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Geleşikleriň jemi bahasy $255 müňe deň boldy.