04.03.2023
Tehniki granulirlenen kükürt (her tonnasynyň bahasy - $45) we buýanyň kakadylan arassalanmadyk kökleri we kök baldaklary (her tonnasynyň bahasy - $500) anna güni, 3-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklaryň esasy özeni boldy.
Owganystandan gelen telekeçi «Türkmengaz» döwlet konserni bilen kükürdiň 5 müň tonnasyny $225 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň 46 müň tonnasyny $23 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.