09.03.2023
Uçar kerosini Jet A-1 (her tonnasynyň bahasy - $837,75 we $828,75), A-92 kysymly awtoulag benzini (her tonnasynyň bahasy - $765,75), PS 500-G0-K kysymly portlandsement (her tonnasynyň bahasy- $40), BND 60/90 kysymly ýola düşelýän nebit bitumy (2,5 müň TMT) we elde dokalan halylar duşenbe we sişenbe günleri, 6-7-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda uly islege eýe boldular.
Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň 3 müň tonnasyny $2,4 mln-a satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Özbegistandan we Owganystandan gelen işewürler hem «Türkmennebit» DK-ni bilen A-92 kysymly ulag benziniň 33,5 müň tonnasyny $25,6 mln-a satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri hem TDHÇB-da Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen portlandsementiň 9,8 müň tonnasyny $395,2 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmennebit» DK-den ýol nebit bitumynyň 13 müň tonnasyny 32,5 mln TMT satyn aldylar, şeýle hem elde dokalan halylaryň 45,67 inedördül metrini 117,4 müň TMT satyn aldylar.