11.03.2023
A-92 kysymly awtoulag benzini (her tonnasynyň bahasy - $749,50) anna güni, 10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň esasy boldy.
Owganystandan gelen telekeçiler bu önüme isleg bildirip, «Türkmennebit» döwlet konserni bilen ýangyjyň 15 müň tonnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gol çekilen geleşikleriň jemi bahasy $11,2 mln-dan geçdi. Bu önümi satyn almak boýunça jemi üç geleşik baglaşyldy.