15.03.2023
Galyňlygy 6-dan 10 mm çenli bolan float düz aýna (her inedördül metriniň bahasy - $4,07 - $6) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda sişenbe güni, 14-nji martda uly islege eýe boldy.
Özbegistandan gelen işewür Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bu aýna önüminiň 125 müň inedördül m satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Baglaşylan iki sany geleşigiň jemi bahasy $682,7 müňden geçdi.