17.05.2023
A-92 kysymly awtoulag benzini (her tonnasynyň bahasy - $667,50), suwuklandyrylan gaz (her tonnasynyň bahasy - $369), TPP D 30 S kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy - $1000), ТС-1 kysymly uçar kerosini (her tonnasynyň bahasy - $656), pagtadan edilen galyň flanel (her inedördül metri - $0,27) we nah ýüplügi (1 bir kg bahasy - $2,7) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda sişenbe güni 16-njy maýda ýokary islegden peýdalandylar.
Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçi «Türkmennebit» döwlet konserni bilen A-92 kysymly awtoulag benzininiň 2 müň tonnasyny $1,3 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Owganystandan gelen işewürler «Türkmennebit» DK bilen suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonasyny $1,8 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar;
Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekili TPP D 30 S kysymly polipropileniň 500 tonnasyny $500 müňe satyn aldy.
Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 3,5 müň tonnasyny $2,2 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.
Gyrgyzystandan gelen işewürler türkmen hususy kärhanasy bilen flaneliň 1,1 mln inedördül metrini $310,5 müňe we nah ýüplügini $95,5 müňe satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.