18.05.2023
Suwuklandyrylan gaz (her tonnasynyň bahasy - $369,50) we ТС-1 kysymly uçar kerosini (her tonnasynyň bahasy - $658,25) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda çarşenbe güni, 17-nji maýda ýokary islege eýe boldular.
Owganystandan gelen telekeçi «Türkmenebit» döwlet konserni bilen STG-yň 1 müň tonnasyny $369,5 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen işewürler «Türkmennebit» DK bilen uçar kerosininiň 5,5 müň tonnasyny $3,6 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy $4 648 125 deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.