23.05.2023
Tehniki kükürt kislotasy (her tonnasynyň bahasy - $66,10), tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri (her kg bahasy - $4,50) we bugdaý kepegi (her tonnasynyň bahasy – 2 750 TMT) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda duşenbe güni, 22-nji maýda ýokary islege eýe boldular.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekili «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen tehniki kükürt kislotasynyň 500 tonnasyny $33 müňden gowraga satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Ermenistandan, Türkiýeden we Gyrgyzystandan gelen işewürler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we bir hususy hojalyk jemgyýeti bilen 275 müň kg tüýjümek önümleriniň dürli görnüşlerini $1,2 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçi Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bugdaý kepeginiň 100 tonnasyny 275 müň TMT satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Jemi duşenbe güni söwdalaşyklaryň barşynda $1,2 mln amerikan dollaryna we 275 müň türkmen manadyna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.