24.05.2023
Matalaryň dürli görnüşleri (her inedördül metriniň bahasy - $0,27-den $0,32 çenli), nah ýüplügi (her kg bahasy $2,07-den $2,27 çenli) we tüýjümek önümler (her kg bahasy - $4,60) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda sişenbe güni, 23-nji maýda ýokary islege eýe boldular.
Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri türkmen hususy telekeçisi bilen matalaryň dürli görnüşleriniň 12,1 mln inedördül metrini $3,4 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Gyrgyzystandan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen hususy kärhanasy bilen 162 müň kg gowrak tüýjümek önümlerini satyn almak üçin geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy $745,5 müň amerikan dollaryndan geçdi.
Türkiýeden gelen telekeçiler türkmen hususy kärhanasy bilen 859,9 müň kg nah ýüplüginiň dürli görnüşlerini ABŞ-nyň $1,8 mln dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy $6 045 740,32 deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.