25.05.2023
Nah ýüplüginiň dürli görnüşleri (her kg bahasy $1,80-den $2,25 çenli) we tüýjümek önümler (her kg bahasy - $4,50) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda çarşenbe güni, 24-nji maýda eksport edildi.
Türkiýeden gelen telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 1,5 mln kg $3,3 mln amerikan dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gyrgyzystandan gelen işewür Dokma senagaty ministrligi bilen 35 müň kg tüýjümek önümleri ABŞ-nyň $157,5 müň dollaryna satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Söwdalaşyklaryň barşynda bahasy $3 533 300 deň bolan 12 geleşik baglaşyldy.