26.05.2023
TPP D 30 S kysymly polipropilen (her tonnasynyň bahasy - $1000), senagat garyşyk suwuklyk (her tonnasynyň bahasy - $355), burawlama erginleri üçin bentonit tozy (her tonnasynyň bahasy - 1 575 TMT) we flanel matasy (her inedördül metriniň bahasy - $0,45) Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda penşenbe güni, 25-nji maýda ýokary islege eýe boldy.
Şweýsariýadan gelen işewür «Türkmennebit» döwlet konserni bilen TPP D 30 S kysymly polipropileniň 500 tonnasyny $500 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekili türkmen hususy kärhanasy bilen senagat garyşyk suwuklygyň 250 tonnasyny $88,7 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Ýerli telekeçi içerki bazarda «Türkmennebit» DK-den burawlama erginleri üçin bentonit tozunyň 2 tonnasyny 3,1 müň TMT satyn aldy.
Azerbaýjandan gelen telekeçi türkmen hususy kärhanasy bilen flanel matanyň 1,8 mln inedördül metrini $810 müňe satyn almak barada geleşik baglaşdy.
Jemi söwdalaşyklarda bahasy $1,3 mln we 3,1 müň TMT deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.